Janome ýakalary

Biziň döreden "Milli" programmamyzda tikin maşynlary üçin niýetlenen ýakalary ýükläp, peýdalanyp bilersiňiz.

Programmany ýükle

Aýratynlyklary

Ähli görnüşler

Tikin maşynlarynyň dürli-dürli bolmagy sebäpli, olaryň okaýan formatlary hem tapawutly bolýar. Biziň ýerleşdiren ýakalarymyzyň ähli maşynlar üçin formatlary bar.

Telefon arkaly

Android ulgamy üçin döredilen programmada ýakany ýükläniňizden soňra, telefony tikin maşyna dakmagyňyz ýeterlik. Satyn alynan ýakalaryň ählisi siziň tikin maşynyňyzda görüner.

Töleg aňsatlygy

Satyn almak isleýän ýakaňyzyň tölegini öz Altyn asyr ýa-da MTS nomeriňizden geçirip töläp bilersiňiz. Töleg geçirmek işleri awtomatik usulda amala aşyrylýar we garaşmasyz tölegiňiz tassyklanýar.

Täze ýakalar

Biz täze ýakalary döretmek, çyzmak ýaly işleri ýerine ýetirýäris. Biz öz müşderilerimize, satlyga täze ýaka goşulan ýagdaýynda habar berýäris.

Öňünden tanyşmak

Programmada ýerleşdirilen ýakalar hakynda ähli maglumatlar bilen satyn almazdan ozal tanyşyp bilersiňiz. Reňk sany, näçe wagta taýýar bolýandygy, ýüklenjek faýllaryň möçberi ýaly maglumatlaryň ählisi ýerleşdirilýär.

Mugt ýakalar

Şeýle hem programmada käbir ýakalar mugt görnüşde berilýär. Bu ýakalary öz telefonyňyzda mugt ýükläp, peýdalanyp bilersiňiz.

Biz barada

Biz Janome kompaniýasy boýunça Türkmenistanda telekeçi we ýurdumyzyň birnäçe ýerlerinde Janome kompaniýasynyň harytlaryny halkymyza hödürleýäris. Harytlarymyz boýunça soraglaryňyz, teklipleriňiz we beýleki maglumatlar almak üçin aşakdaky salgylar bilen habarlaşyp bilersiňiz. Biziň edýän işlerimiz bilen has giňişleýin tanyşmak üçin, öz Line hasabyňyzda biziň sahypamyzy goşup, habarlarymyzy yzarlap bilersiňiz. @MilliTM

Habarlaşmak

Habarlaşmak

Dükan N1. Arzuw bazar, Aşgabat. Türkmenistan

+993 61 883888

info@millitm.com